Hoş Habary- bu nämäkä?
Siziň Mukaddes Kiatbyň ýazgysy bilen tanyş bolmaga wagt tapanyňyza seretmek gör nähili gowy. Siziň metjide gatnamak, urp-adatlaryny berjaý etmek hem-de däp-dessurlara eýermek ýaly dini düzgünlerinden has daşda bolmagyňyz hem mümkin bolup biler. Şunlukda, biz hem siziň bilen doly ylalaşýarys. Mukaddes Kitaby Hudaýyň diňe Onuň sözlerine gulak asýan adamlaryň (erkekleriň we aýallaryň) kalbynda ýaşaýandygyny öwredýär. Mukaddes Kitabynyň hut özi biziň eýermeli bolan däp-dessurlarymyzy aýdyň düşündirýär. Olaryň diňe birentegi Mukaddes Kitapda duş gelýär. Iki sany esasy däp-dessur suwa çümdürilip çokundyrylmakdan hem-de her hepdede Isany ýatlap çörek döwmekden ybarat bolup biler.
Ýa-da mümkin siz Hudaýyň öz durmuşyňyzda bolmagyny isleýän, ýöne welin Ony has çuňňur öwrenmegi islemeýän bir ýönekeý bir adam bolmagyňyz hem ähtimaldyr.Häzirki wagtda mümkin biziň köpümiz dini kitapçany okaýandygymyz, Mukaddes Kitaby baradaky leksiýa gelmegimiz ýa-da bu barada ara alyp maslahatlaşýandygymyz hakykat bolsa gerek. Biziň Hudaýyň kimdigine, asla Onuň barlygyny ynanýandygymyz bir ajaýyp zatdyr. Ýöne köp zatlaryň aýan bolmagyna has garaşylýar. Onuň Söžüni mukaddes Kitaby öwrenmek arkaly biz Ony tanamaga we Onuň ebedi planynyň bir bölegini edinmäge girişip bilýäris.Mukaddes Kitaby aslyýetinde Mukaddes Ruhy tarapyndan ýazylyp, Onuň adamlara täsiriniň ýetirmegi bilen ýazga geçirildi. Bu bir başga bir islendik kitapdaky ýaly ýöne bir ynsan lebzinden çykýan sözleri däldir. Şonuň üçin hem ony has seljerip öwrenmeklik iňňän zerurdyr.
Ýa-da sen ony doly bilýän diýip pikir etmegiň hem mümkindir. Sen Mukaddes Kitabyna garap, oňa eýýäm doly göz ýetirendirin öýdänsiň.Emma welin, eger-de sen muňa çynlakaý çemeleşseň welin, käbir zatlara üns bermän geçenligiň ähtimaldyr. Bu duýgylaryň şol bir boş bolup galmagyndan, gelejege bolan gorkydan, ykbalymyzyň ahyry baradaky ynamlylygyň ýoklugyndan... ýa-da has köp erkek adamlary we zenan maşgalalary mazara deňeç yzarlap gelýän gara it kimin şübheden ybaratdyr.Ýöne biz saňa: Oňa göz ýetirmäge gaýta- gaýta synanyşyň diýesimiz gelýär.Ähtimal ynsan düşündirmeleri siziň Mukaddes Kitabyna bolan garaýşyňyz bilen çapraz gelýändir. Şonuň üçin Mukaddes Kitaba salgylanyp ýazgynyň özüne üsn bilen serediň.
Ýa-da mümkin siz Mesihilige „ýöne bir başga intellektual başdan geçirmesi”, wagtlaýyn oýun etmäge başga bir güýmenje, başga bir maýyl ediji zat we ýoluň ugrundaky başga bir şäher ýaly garaýan bolmagyňyz mümkin. Emma welin, bularyň hemmesi şol bir gabra alyp barýandyr. Edepsiz garaýşyň munuň ýaly görnüşini edinmäge durmuş diýseň gysgadyr. Günlerde bir gün sen öz gabryňda süýnüp ýatmaly bolarsyň, günlerde bir gün ölümiň elhenç ahyry seni düýbünden üetiklär. Mukaddes Kitabyň ýazgysynyň dogry salgylanmasyna şu wagt gulak as. Öz şahsy hatyraňyz üçin onuň iň bolmanda näme diýýändigine durmuşyňyzyň bäş minudyny sarp etmegiňizi senden haýyş edýärin.
Şeýlelikde, men Hoş Habary – bu nämäkä? diýip, salgylanyp bilermikäm?
Täze Ähtden Matta 1:1 açyň. Bu Mattanyň Hoş habaryny düşündirişiniň başlangyjydyr. Biz okaýarys:
Bu kitap Ybraýymyň ogly Dawudyň ogly Isa Mesihiň nesil şejere kitabydyr.
Bu elbetde biziň doly garaşýan zadymyz däl. Ol Isanyň Dawutdan we Ybraýymdan gelip çykyşyny aýdýar. Ynha, bu Matta üçin Hoş Habarynyň başlangyjy. Pawlus hem muny şol usulda gördi. Galatýalylara 3:8 ýazan hatyna seret:
Mukkaddes Ýazgy Hudaýyň milletleri imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp, Ybraýyma: “Bütin milletlere sen arkaly bereket iner” diýip öňünden buşlady.
Şeýlelikde, Hoş Habary – bu Ybraýyma wada edilen peşgeşdir. Şonuň üçin hem Pawlus şeýle diýýär. Şeýlelikde, eger-de biz Hudaýyň Ybraýyma näme wada edendigine akyl ýetirip bilsek, onda biz Hoş habarynyň nämedigine hem düşünip bileris. Geliň indi yza, ýagny Köne Ähte ser salalyň we Hudaýyň Ybraýyma nämäni gürrüň berendigini göreliň. Biz Mukaddes Kitabyň ilkinji kitaby bolan Barlyk Kitabyna serederis. Barlyk Kitaby 17:8
Seniň syýahat edip ýören topragyňy, bütin Kengan topragyny saňa we senden soňky seniň nebereleriňe ebedi eýeçilik etmäge peşgeş bererin, Men hem olaryň Hudaýy bolaryn.
Şeýlelikde, Ybraýyma onuň özüniň we perzentleriniň bu toprakda ebedi ýaşajakdyklary aýdylýar. Şunlukda, ebedi ýaşaýyşy – bu Köne Ähtden bäri gelýän pikirdir. Muny pugta belläp geçiň. Çünki Mukaddes Kitabyň zerur bolan haty ähli ýerde şol bir birligini saklaýandyr. Bu nädip beýle bolup biler? Barlyk Kitabynyň 22:17, 18 ser salyň:
Öz patam bilen saňa ak pata bererin, ähli zady köpeldip bilýänligim üçin kowumyňy asman ýyldyzlary we deňiz kenaryndaky çäge kimin köpelderin; şonda seniň kowumyň seniň duşmanlaryň şäherlerine eýeçilik ederler. Meniň sesime gulak salanyň üçin seniň kowumyňda ähli halklar ýalkanar.
Ybraýymyň bütin dünýä üçin ýalkanmanyň çeşmesi bolup biljek ogly bolmalydy. Indi, Mukaddes Kitabyna düşünmegiň usuly – bu Mukaddes Kitabyň hut özüniň aýdyşyna we bize düşündirişine seretmekdir. Indi biziň edil şu wagtky okan bu sözlerimiz Täze Ähtde, Resullaryň işlerinde 3:25, 26 beýan edilýär.
Geliň ony açalyň we düşündirilişini tapalyň.
Siz pygamberleriň ogullary, Hudaýyň Ybraýyma: Ýer ýüzüniň bütin uruglary seniň nesliňden bereket tapar!” diýip, ata-babalaryňyz bilen baglan ähtiniň ogullarysyňyz.Hudaý Öz saýlan guly Isany siziň her biriňizi ýaman päliňizden gaýtarsyn, size bereket bersin diýip direltdi, Ony ilki bilen size ýollady”.
Şunlukda, Ybraýymyň urugy kim bolupdyr? Isa. Ol bütin dünýäniň adamlaryna (erkelerine we zenanlaryna) nähili ýalkamalaryny berip biler? Günälerden bagyşlanyş we halas etmek ýalkamalarydyr. Geliň yzyny dowam edeliň. Galatýalylara 3:16
Wadalar Ybraýyma, onuň nesline berildi. Hudaý köplerine wada berýän ýaly, „nesillere” däl, eýsem birine wada berip, „seniň nesliňe” diýýär; bu-da Mesihdir.
Şeýlelikde, Ybraýymyň urugy diňe bir adam, ýagny ýeketäk Isa bolupdyr. Ýöne şol ýeke adam nädip şeýle köp asmandaky ýyldyzlar kimin köp bolup bilipdir? Geliň Galatýalylara 3:27-29 okalyň:
Sebäbi Mesihe çokundyrylanlaryňyzyň bary Mesihi geýindi. Ýehudy, grek, gul, azat, erkek ýa aýal ýok, siziň baryňyz Mesih Isada birsiňiz. Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz.
Şeýlelikde, diňe Mesihde çokundyrylanlar şol wadalardan, ýagny bu ýerdäki ebedi ýaşaýşyň wadalaryndan paýyny alar. Şonuň üçin eger-de biz halas bolmak isleýän bolsak, suwda çokundyrylmalydyrys! Pawlus özüniň umydynyň „Ysraýylyň umydydygyny” (Resullaryň işleri 28:20) aýtdy. Ol ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, bu, ýagny Ysraýylyň umydy onuň hut özüniň umydy bolupdy. Onda suw çokundyrylmasy nämäkä? Bu bir ýöne suwy sepelemegi aňladýan däldir. Täze Äht Grek dilinde ýazylan. „Çokundyrylma” sözi hakykatdan hem suwa çümmek diýmekligini aňladýandyr. Bu söz suwa çümüp, gark bolan gämi ýaly ýa-da bir bölek matanyň bir reňke boýalyp, soňra bolsa ony beýleki birine boýalşy ýaly diýen ýaly ulanylyp gelinýär. Matta 3:13-16 serediň:
Onsoň Isa Ýahýa tarapyndan çokundyrylmak üçin, Jelileden Iordana, Ýahýanyň ýanyna geldi. Emma Ýahýa ony saklap: „Meni Sen çokundyrmaly welin, Sen maňa gelýärsiňmi?” diýdi. Isa oňa: „Şindi, goý, şeýle bolsun, çünki bize hak zady berjaý etmek ýaraşýandyr” diýip, jogap berdi. Isa çokundyrylyp, derrew suwdan çykdy. Ine, gök açyldy, Ol Hudaýyň Ruhunyň gögerçin kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi.
Isa suwuň „içine girdi” we ondan „daşyna çykdy”. Ol çaga ýaly suw sepeletmän, eýsem uly adam ýaly suwa çümmüp çokundyryldy. Ynha şonuň üçin hem bu derýada berjaý edildi. Şonuň üçin, eger-de hut Onuň Özi suwda çokundyrylan bolsa, onda biz hem şeýle edilmelidiris. Bu suwa çümüş we ýokara galyş Isanyň ölümini we direlşini alamatlandyrýar. Haçanda biz hem muny ýerine ýetirmek kararyna gelenimizde, Onuň ölümini we direlşini özümize kabul edýändiris. Ynha şonuň üçin hem çokundyrylma suw sepelenilmän, eýsem doly suwa çümdürilmelidir. Rimlilere 6:3-5 seret:
Ýa-da Mesih Isa çokundyrylanlarymyzyň barynyň Onuň ölümine çokundyrylandygyny bilmeýärsiňiz? Atanyň şöhraty arkaly Mesihiň ölümden direlşi kimin, biz hem täzeden ýaşaýyşda gezer ýaly, çokunma arkaly Onuň bilen bile ölüme gömlendiris. Onuň ölümine meňzeşlikde Onuň bilen birleşen bolsak, direlmegine meňzeşlikde-de birleşeris:
Ynha, şonuň üçin hem biz seniň suwda çokundyrylmagyňy ündeýäris. Muny durmuşyň maksadyna öwür-de, Isa Mesihi kabul et! Mesihde çokundyrylmak bilen, biz Onuň bir bölegine öwrülýäris we şuňa görä-de, berlen wadalar bize-de degişli bolýar. Soňra, haçanda Ol gaýdyp gelende, biz ölümden direleris, höküm edileris we soňra bolsa, eger-de biz Hudaýyň sözüne görä dogruçyl ýaşan bolsak, onda häzir Ondaky bar bolan ebedi ýaşaýşy bizede peşgeş berler. Soňra biz şu wagtky ýerde Hudaýyň Patyşalygynda ebedi ýaşarys. Eger-de sen muňa ynanýan bolsaň, onda durmuşyň täze bir manysy bolar. Biziň häzirki göze ilýän islendik kynçylyklarymyzyň ýöne bir wagtlaýyndygyna akyl ýetireris. Çünki haçanda Mesih gaýdyp gelende, Ol bize täze we ebedi durmuşyny peşgeş berer. Şonuň üçin hem hakyky UMYT Mukaddes Kitapda we Mesihdedir. Gelejekki umyt şeýle bir beýikdir welin, hatda şu wagtky kynçylyklarymyz hem onuň ýanynda beýle uly bolup görünmez.
Ýöne bu nädip bolarka? Bu Isa diýilýän adam nädip bizi halas edip bilerkä? Ol biziň wekilimiz bolupdy, Ynha şonuň üçin hem biz Onuň ölüminde we direlşinde çokundyrylmalydyrys; sebäbi Ol bize meňzeş bolupdy. Ýewreýlere 2:14-18 seret:
Çagalaryň et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak,
Ömür boýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini erkinlige ýetirjek bolup etdi.
Çünki Ol, elbetde, perişdelere ýardam etmän, Ybraýymyň neslinden bolanlara ýardam edýär.
Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy.
Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar.
Şeýtanyň ne haýwan ne-de aždarha sypatda bolmandygyna üsn beriň. Bu ýerde ol günä üçin nusga bolup gelýär. „Sebäbi günäniň muzdy ölüm” (Rimlilere 6:23). Emma biz bu ýerde „iblisde” „ölümiň güýjüniň bardygyny” okaýarys. Biz özümiziň daşymyzy gurşap alýan göze görünmeýän zatlaryň garşysyna däl-de, eýsem öz şahsy tebigatymyzyň (asly bolşumyzyň) garşysyna göreşmelidiris. 14-nji aýat – Ol, Özi, kybapdaş, gatnaşdy, biziňki ýaly sypatly ýaly şol bir zady ençeme gezek aýdýar. Mundan başgada, iňňän köp „Mesihileriň” topary üç Hudaýyň üçbirlikden ybaratdygyny hem-de olaryň biriniň bolsa Isa bolandygyny öwredýär. Emma bu Mukkaddes Kitabynyň aýdyşy ýaly däldir. Ýewreýlere ýazylan hata laýyklykda biziň Isany dogry tanamagymyz iňňän wajypdyr. Ol edil bize meňzeş bolupdyr. Ýazyjy muny 4 gezek nygta-nygtap ýazýar. Ol hem biz ýaly synaglara sezewar bolupdyr. Eýsem biz nädip synalýarkak? Öz şahsy tebigatymyz arkaly. Ýakubyň 1:13-15:
Synalanda, hiç kim: „Men Hudaý tarapyn synalýaryn” diýmesin; çünki Hudaý erbetlik bilen synalýan däldir, Onuň Özi hem hiç kimi synaýan däldir. Ýöne her kez öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr. Onsoň höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr.
Bu Isada biziň ynsan tebigatymyzyň bolandygyny aňladýar. Bu Hudaýyň synalyp bilmeýändigini aýdýar. Emma Ýewreýlere ýazylan hata görä, Isa synalypdyr. Şeýlelikde, Isa Hudaýyň hut Özi bolmandy. Ol ynsan, doguşýy boýunça Hudaýyň Ogly, Merýemden doglan Dawudyň we Ybraýymyň nesli bolupdy. Mundan başga-da, Hidaý doglup bilmeýär. Emma Isa doguldy. Hudaý ölüp bilmeýär. Emma Isa öldi. Biz Hudaýy gözümiz bilen görüp bilmeýäris. Emma adamlar Isany gördüler we Oňa ellerini degirdiler. Onsoňam, Isa Öz dogulşyndan öň bolmandyr. Ol Merýemden dünýä inen Hudaýyň Ogly bolupdyr. Luka 1:31-35 seret:
Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna ISA dakarsyň. Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz.
Merýem perişdä diýdi: „Bu nähili bolar? Men äre baramok”. Perişde oňa jogap berip diýdi: „Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddes Hudaýyň Ogly diýler.
Bularyv barynyň geljek zamandadygyny belläň. Ol Hudaýyň Ogly bolmalydyr. Merýem göwreli bolar. Bu Isanyň başlanan ýeri. Ýöne muňa garamazdan Isa baradaky pikir, oýlanma hemişe başlangyçdan bäri Hudaý bilen bile bolupdy. Merýemiň hem ýönekeý bir zenan bolandygyny belläň. Isa Dawudyň we Ybraýymyň nesli bolupdyr. Bu hem diňe Onuň enesiniň olaryň neberesinden bolandygy üçin şeýle bolup bilipdir. Eger-de Isa Hudaý bolýan bolsa, diýmek Merýem Hudaýyň ejesi bolýarda we ol bir ýönekeý zenan bolmaýarda? Eger-de Mukaddes Kitabynyň öwredişi ýaly Isa Hudaýyň Ogly bolan bolsa we şeýle hem „ynsan ogly’, Merýemden doglan Ybraýymyň we Dawudyň nesli bolan bolsa, onda diýmek Merýemiň ýönekeý bir zenan bolandygy aýdyň bolýar. Şeýlelikde bularyň bary ýa-da asla hiçisi – hakyky imanyň sistemasy, ýa-da ýalan imanyň sistemasydyr. Emma dogry zada ynanmaklyk iňňän möhümdir. Sebäbi taglymat biziň nädip ýaşaýşymyza täsirini ýetirýändir. Ýewreýlere 4:15, 16 seret:
Çünki biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem her zatda biziň ýaly synalyp, günä etmedik bir Baş Ruhanymyz bardyr.
Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşalyň.
Isanyň biziň keşbimizde bolandygy üçin, biz ynam bilen Onuň üsti arkaly Hudaýa doga-dileg edip bilýäris. Bize ynsan ruhanysynyň, metjit jaýynyň ýa-da biziň doga-dileglerimizi kabul etdirip bilýän ruhy çopanynyň geregi ýok.
Indi bolsa men ähli gürrüňini eden zatlarymyzy jemlemekçi:
- Diňe ýeketäk bir Hudaý bardyr. „Üçbirlik” ýokdyr.
- Isa Hudaýyň hut özi bolman, eýsem diňe Hudaýyň Ogludyr; Ol dünýä inmezden öň bolmandyr. Ol biziň synaglarymyzyň ählisini we ynsan tejribelerini başdan geçirdi. Ýöne welin, Ol hiç haçan günä etmändir. Ol Öz janyny biziň üçin agyryly ölümde berdi. Emma Onuň hiç haçan günä etmändigi zerarly Hudaý Ony ölümden direldipdir.
- Yly adam kimin suwa çümdprilip, Isada suw bilen çokundyrylmak arkaly biz Onuň ölümini we direlşini paýlaşýarys.
- Şeýlelikde, haçanda Isa Mesih gaýdyp gelende biz ölümden direleris, höküm edileris hem-de şu ýerde bina ediljek Onuň Patyşalygynda ebedi ýaşaýşyny alarys. Bu Patyşalyk Hudaýyň ilkinji adamy ýaradandaky Erem bagyndaky dünýä we ondan hem has gowy bolar. Uruş, açlyk, lapykeçlik, hatda ölümiň hut özi ýaly häzirki ýer ýüzündäki ähli kynçylyklar ahyrsoňy müdimilik gutarar.
- Ölümden soň biz huşsuz ýagdaýda bolarys – „dowzah” edil „gabyr” diýmekligi aňladýandyr.
- Jan – bu ölmez-ýitmezdir. Biz toprakdan ýaradylandyrys we topargada gaýdyp bararys. Ruh – bu biziň içimizdäki janyň güýjüdir. Haçanda biz ölenimizde Hudaý ony yzyna alýandyr. Biz ölümden soň islendik görnüşde bar bolup bilmeris.
- „Şeýtan” – biziň içimizdäki zalym ynsaan höwesleriniň nyşanydyr. Biz onuň garşysyna göreşmelidiris. Bu bar bolan aždarhanyň ýa-da eýmenç haýwanyň ady däldir. Hudaý 100% güýçlidir. Ol Öz güýjüni „şeýtan” bilen bölüşýän däldir. Biziň ähli kynçylyklarymyz şeýtandan bolman, eýsem Hudaýdandyr. Şonuň üçin bulara niýetlenip hakykata esaslanan ruhy niýetler bardyr.
- Özümiziň Mukaddes Kitabyny okanymyz bilen biz Hudaýa tarap hakyky ýoly tapyp bileris.
Men sizi bu zatlary çintgäp öwrenmegi we hakyky Hoş Habaryna doly göz ýetirýänçäňiz özüňize hiç hili ynjalyk bermezligiňizi ündeýärin. Men siziň biziň erkin Mukaddes Kitabynyň derslerini öwrenjekdigiňizen hem-de günlerde bir gün suwa çümdürilip çokundyrylmagyňyzy öňüňizde maksat edip goýjakdygyňyza umyt edýärin. Şonda sizde doly ebedi ýaşaýşynyň umydy bolar. Dogry, biz ebedi ýaşaýşyny göz öňüne-de getirip bilmeýäris. Men diňe alyslara uzalyp gidýän, soňy bolmadyk uzyn, uzyn çyzygy hem-de biz bu durmuşda onuň başlanmagyndan sährlçe millimetr aralykdadygymyzy çak edip bilýärin. Eger-de biz Mesihde suwda çokundyrylyp, Onda ýaşasak, diýmek onda bu biziň hakyky umydymyzdyr hem-de muňa ýönekeý bir din, ýa ýöne bir zat ýaly çemeleşmezligiňizi ýalbarýaryn.
Dunkan Hister
MUKADDES KITABYNY NETIJELI OKAMAGY ÖWRENMEKLIK
MUKADDES KITAP GOŞMAK DEGERLILIK!!
MUGT!
Ýeketäk Mukaddes Kitaby bardyr. Ýöne metjit köpdir. Biz seniň özbaşdak Mukaddes Kitabyny okap, hakyky haty tapmalydygyňy teklip edýäris. Biz diňe bir Hudaýyň bardygyna, Isanyň Hudaýyň Ogludygyna, Onuň biziň keşbimizi göterendigine hem-de Onuň ölüminden we direlşinden ugur alyp, doly suwa çümdürilip çokundyrylmalydygymyza ynanýarys. Basym tiz wagt Ol ýerde (asmanda däl) Hudaýyň Patyşalygyny dikeltmäge gaýdyp geler. Siziň Mukaddes Kitabyny öwrenmäge ýardam berip biljek mugt kitapçany alyp bilmegiňiz üçin şu aşakdaky belgilenen maglumatyň üstüni ýetiriň.
Ady:______________________________________________________
Adresi:____________________________________________________
______________________________Tel:_________________________
Haýsy dilde (Fransuzça/Iňlisçe) : _________________________________
Şu aşakdaky adrese ýollaň:
Bible Basics, 49 Woodfields, South Croydon, Surrey CR2 0HJ ENGLAND